"Türkmen Syýahat Hyzmat"
hojalyk jemgyýeti
Biz barada
“Türkmen syýahat hyzmat” hojalyk jemgyýeti myhmanhanalary dolandyryş pudagynda iş alyp barýar. Biz çeýeligimiz we innowasion çemeleşmelerimiz arkaly syýahatçylyk bazarynda öňdebaryjy orny eýeleýäris. Häzirki wagtda kompaniýamyz paýtagt Aşgabatda ýerleşýän “Syýahatçy” myhmanhanasyny dolandyryş, onuň içki we daşky durkuny abatlaýyş we daş-töweregini abadanlaşdyryş işlerini alyp barýar.



Biziň aýratynlyklarymyz
Biziň esasy ýörelgämiz – müşderilere göwnejaý hyzmat etmekden we olaryň isleglerini doly kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. “Türkmen syýahat hyzmat” gyzyklanýan taraplara myhmanhana dolandyryş hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürleýär. Biz myhmanlara hyzmat etmekde we uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmakda ýokary derejä ýetmäge çalyşýarys. Şeýle hem hyzmatdaş kompaniýalarymyzyň talaplaryny ýokary derejede kanagatlandyrmak we desgalaryň umumy öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin amaly hyzmatlaryň, döwrebap usullaryň we sanly ulgamlaryň giň toplumyny hödürleýäris.